Türkmen dili
Türkmen
Русский

Geliň türkmen dilini öwreneliň!

2017-nji ýylyň 23-nji martynda türkmen dili toparymyz açylýar.Ýazylmaga howlugyň! Dil aragatnaşyk serişdesidir. Magtymguly,Zelili,Seýdi,Kemine,Mollanepes ýaly türkmen şahyrlary türkmen diliniň kadalarynyň uzak wagtly taryhynyň bardygyny özleriniň ölmez-ýitmez eserlerinde görkezipdirler.1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe boldy we türkmen dili-Türkmenistanyň döwlet dili diýlip yglan edildi.Biziň maksadymyz geçiriljek okuw sapaklarynda türkmen diliniň ýazuw we gepleşik düzgünlerini,mugallymyň sözi ,söhbetdeşlik kitap bilen işleşmek,geçiriljek dil dersini derňemek,tehniki we görkezme esbaplar,şeýle-de dürli gönüklemer arkaly öwretmek bilen diňleýjilere her bir ýagdaýda özbaşdak dogry düşünişmäge kömek etmekden ybaratdyr.

 

Türkmen dili dersini okatmagyň maksady

Türkmen dili milli aňyýeti kemala getirmekde, Watana bolan söýgini ösdürmekde, ýaşlara milli ruhda terbiýe bermekde , olary jemgyýetiň ösen şahsyýetleri edip ýetişdirmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Türkmen dili dersiniň mazmuny okatmagyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen kesgitlenýär. Okatmagyň maksatlary türkmen edebi diliniň normalaryna laýyk sözleýşi hem-de dürs ýazuwy öwretmekden, okuwçylarda lingwistik başarnyklary kemala getirmekden ybaratdyr. Türkmen dili dersi okuwçylarda çeper sözlemek, okamak, ýazmak we bilimleri ele almak ýaly endikleri ösdürip,okuwçylaryň türkmen dili boýunça nazary hem amaly taýdan başarnyklaryny kemala getirýär.

Türkmen dili dersini okatmagyň wezipeleri .

Türkmen dilini ders hökmünde okatmagyň esasy wezipeleri şulardyr:

- diňleýjilere türkmen dili dersi boýunça maksatnamada kesgitlenen bilimleri ulgamlaýyn bermek;

- diňleýjilere türkmen edebi diliniň orfoepik (dürs sözleýiş) kadalary esasynda

dogry gürlemegi öwretmek;

- diňleýjileriň aňynda orfografik hem-de punktuasion endikleri we başarnyklary kemala getirmek;

- özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanmak başarnyklaryny kemala getirmek;

- diňleýjileriň pikirlerini dilden ýa-da ýazuw üsti bilen yzygiderli beýan

etmek başarnyklarynyň we endikleriniň kämilleşmegine ýardam etmek;

- diňleýjileriň türkmen diliniň grammatik gurluşyndan baş çykarmagyny we söz baýlygyny artdyrmagyny gazanmak;

- diňleýjilerde dil bilimi, şol sanda türkmen dili boýunça döredijilik-barlag işlerini alyp barmak ukybyny ösdürmek hem-de başarnyklary kemala getirmek.

Maksatnamanyň düzülişi hem-de gurluşy

Maksatnamada türkmen dil biliminiň bölümleriniň arasyndaky yzygiderli baglanyşyk saklanyldy. Onda ulgamlaýynlyk, ylmylyk we elýeterlilik ýörelgeleri esas edilip alyndy.

Okatmagyň wezipelerine laýyklykda, maksatnama:

- fonetika, leksika, morfologiýa, sintaksis, orfografiýa, punktuasiýa, stilistika boýunça saýlanyp alnan düşünjeler ulgamyny;

- diliň jemgyýetçilik hadysasy hökmündäki hyzmatlaryny;

-okuwçylaryň sowatly ýazyp bilmegi üçin esasy orfografik we punktuasion düzgünleri;

- okuwçylarda edebi dilde sözlemek hem-de düşnükli jogap bermek başarnyklaryny we endiklerini kemala getirmegi öz içine alýar.

Okuwçylaryň maksatnamada berlen dil serişdelerini doly özleşdirmegi üçin her synpda okuw ýylynyň başynda we ahyrynda gaýtalamaga degişli ýörite sagatlar bellenýär.

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved