Nemes dili
Türkmen
Русский

“Dalçyn” okuw merkezi Size nemes dili kursyny hödürleýär

Guramaçylyk

Okuw merkezimiziñ abzybir igärleri size degişli topary saýlamakda öz maslahatlary bilen kömek ederler, şeýle-de merkezimizde dil öwrenmäge gyzyklanma bildirýänlere yörite dil derejesini anyklamak üçin synag sowalnamalaryny doldurmaklyk maslahat berilýär, ol size siziñ dogry topary saýlamagynyz üçin amatly hasaplanýar.

Döwrebap we amatly enjamlasdyrylan okuw otaglary siziñ dil öwrenmekligiňiziñ has-da netijeli we gyzykly geçmekligi üçin niýetlenen. Okuw otaglaryndan daşary bu ýerde gysga arakesmelerde dynç almaklyk we topardaşlaryňyz şeýle-de başga toparlaryñ diñleýjileri bilen söhbetdeşlik üçin mümkinçilik göz öñünde tutulan. Biz Siziñ merkezimizde wagtyňyzy peýdaly, netijeli we gyzykly geçirmekligiňiz üçin ähli sertleri döretmäge çalysýarys.

Okuw kurslary hakynda

Biziñ merkezimiz okuw kurslaryny dil öwrenmek diñe bir esas däl-de, onuñ höweslendiriji we ylham çeşmesiniň bir ugyry bolan döredijilik işidinginden ugur alnyp gurnalýar. Muña Siziñ hem göz ýetirmeginiz üçin, Sizi synaga çagyrýarys. Okuw üç aý dowam etmek bilen, hepdede üç sapar alnyp barylýar. Nemes dilini öwretmek üçin biz yewrponanyñ dil hakyndaky ulgamlaşdyrylan konwensiýasy esasynda düzülen Hueber çaphanasy Srite (Schritte) kitabyndan peýdalanýarys.

Okuw toparlary görkezilen toparlara bölünýär:

Başlangyç dereje A1/1, A1/2, A2/1, A2/2

we aralyk dereje: B1/1, B2/1 – öñ nemes dilini bilýänler üçin niýetlenen.

Kurslary ýokary bilimli, dil öwretmekde ylmy we amaly tejribeleri güýçli bolan mugallymlar tarapyndan alnyp barylýar we olar size dil öwrenmekde üstünlik gazanmagyňyza hemişe ýardam etmäge taýýardyrlar!

 

Hoş geldiniz!

 

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved