IELTS
Türkmen
Русский

IELTS, bu Iňlis dili boýunça halkara barlag ulgamydyr. Bu, iňlis dili esasy aragatnaşyk dili bolan daşary ýurtlara okamaga ýa-da işlemäge gidýän adamlaryň iňlis dili bilimlerini diliň dört başarnyk ugry boýunça (diňlemek, okamak, ýazmak we gürleşmek) ölçeýär.

Näme üçin IELTS?

• Bütindünýä boýunça ykrar edilýär

IELTS 135-den gowrak ýurtlarda 10000-den gowrak gurama tarapyndan bilim, immigrasiýa we professional maksatlar üçin iňlis diline erk etmegiň subutnamasy hökmünde kabul edilýär.

 

• Netijeleriň we siziň iňlis dili boýunça derejäňiziň takyklygy

IELTS synagyny geçirýänler her synag üçin berk ölçegleri ulanmak arkaly takyk we dogry bahalandyrmany kepillendirýärler. Dokuz derejelik bahalandyrma jetweli dil başarnygynyň derejelerini ulanyjy däl (jetweldäki bahasy: 1) we ussat (jetweldäki bahasy: 9) aralygynda takyk kesgitleýär.

 

• Britan iňlis dilimi ýa-da Amerikan iňlis dili? Ikisi hem!

Dürs ýazuw (orfografiýa), grammatika we sözleri saýlamak babatynda IELTS Britan we Amerikan iňlis dilleriniň ikisini hem öz içine alýar.

 

• Amatly seneler we ýerler

Ýylyň dowamynda yzygiderli elýeterli boljak IELTS synagyna Aşgabatda bir ýylda 5 gezek girip bilersiňiz.

 

• Netijeler tiz wagtda mälim edilýär

Netijeler synag tamamlanandan 13 günden soň mälim edilýär we islegiňize görä gönüden-göni instituta ýa-da gurama hem ugradylyp bilner.

“Dalçyn” okuw merkezinde IELTS okuwlary

IELTS synagynda üstünlik gazanmak üçin iňlis dili başarnyklaryny özgertmek isleýänler üçin “Dalçyn” okuw merkezimizde hepdede üç gezek IELTS sapaklary hödürlenýär.

 

Sapaklaryň düzümi

Sapaklar alty bölüme bölünýär: leksika, grammatika, diňlemek, okamak, ýazmak, gürlemek we hakyky IELTS amaly synaglary bilen üsti ýetirilýär. Aşakdaky esasy ugurlara üns bermek arkaly sapaklarda talyplaryň başarnyklaryny we ynamlaryny döretmek maksat edinilýär:

 

1. Leksika: Ylmy ugurda ulanylýan sözleri, sinonimleri, sözleriň aýdylyşyny we manylaryny öwrenmek. Olaryň haýsy kosntekstde ulanyp boljagyny mysallar arkaly görkezmek.

 

2. Grammatika: Täze sözleri ulanmak we hakyky durmuşdan mysallar getirmek arkaly grammatika gurluşy bilen tanyşdyrmak. Esasy maksat iňlis dilini ähli jähtlerden öwrenmek arkaly talyplaryň IELTS bahalaryny ýokarlandyrmaklaryna kömek etmek.

 

3. Diňlemek: Ylmy we umumy kontekstlerde degişli gepleşikleri, monologlary we leksiýalary diňlemek. Dürli diňlemek tärlerini we usullaryny öwrenmek hem-de ulanmak.

 

4. Okamak: Ylmy tekstleri okamagy amal etmek we göz gezdirmek, çalt okap geçmek, deňeşdirmek ýaly dürli okaýyş başarnyklaryny kämilleşdirmek.

 

5. Ýazmak: Talyplaryň leksikasyny, düzmelerindäki sözlemleriň sazlaşyklylygyny we bütewiligini baýlaşdyrmak. Şeýle-de, çalt we dürs ýazmagy tejribe etmek.

 

6. Gürlemek: Talyplar biri-birinden maglumat alşyp toparlaýyn ýa-da iki-bir görnüşinde işleýärler we hemmeler bilen paýlaşýarlar. Talyplaryň özleriniň iň ýokary bahalaryny almaklaryna ýardam etmek üçin dili erkin ulanmaklygy, sözleriň sözlenişini we sazlaşyklylygyny tejribe etmek.

 

IELTS mugallymy Jemal Ýaryýewa: “IELTS öwretmek, bu meniň üçin talyplara öz arzuwlaryna ýakynlaşmaklaryna ýardam etmekdir. Talyplarymyň aglabasy daşary ýurtlarda okamagy we ýokary derejeli bilim alyp ata Watanymyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmagy arzuw edýärler. IELTS okuwyna gatnamak, bu olaryň ýokary okuw dünýäsine tarap ädýän ilkinji ädimleridir. Dogry, hakyky we döwrebap kitaplar hem-de materiallar bilen “Dalçyn” olaryň üstünlige tarap syýahatynda maslahat we goldaw bermek üçin elmydama taýyndyr.”

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved