Iňlis dili
Türkmen
Русский

NÄME ÜÇIN SIZ “DALÇYN” DIL MERKEZINI SAÝLAMALY?

 

OKUW ŞERTLERI

Talyplar we mugallymlar üçin niýetlenen sapaklar gowy enjamlaşdyrylan döwrebap okuw otaglarynda geçirilýär. Sapaklaryň arasyndaky gysgajyk arakesmeler, naharlanma wagty we dostlaryňyz bilen gürrüňdeş bolmak üçin myhmansöýerlik ýagdaýyny döredýär. Biziň müdirligimiziň agzybir işgärleri Siziň islendik sowallaryňyza jogap bermäge örän şat!

 

TEJRIBELI MUGALLYMLAR

Mugallymlary seçip almakda düýpli seljirme geçirilýär, sebäbi biziň maksadymyz ýokary hilli bilim bermekden ybaratdyr. Biziň mugallymlarymyz öz işine wepalydyr, olar öz kärini söýýärler we dil öwrenmekde üstünlikler gazanmak üçin güýjüni gaýgyrmazdan Size kömek ederler. Ähli mugallymlarymyz – öz işiniň ussatlarydyr, olaryň ählisi yokary derejeli, şeýle hem mugallymçylyk tejribesine baý hünärmenlerdir.

 

“KEMBRIDŽ” UNIWERSITETINIŇ PRESS-BAÝLYKLARY

Iňlis dilini okatmagyň usuly boýunça dünýäde iň gowy kitaplar toplumynyň biri bolan (ELT) kitabyndan peýdalanýarys. Bu kitap sada dilde we oňat guralan görnüşde maglumat berýär, şeýle hem her günki ýaşaýyşda bilimini peýdalanmaga mümkünçilik berýär.

OKATMAGYŇ USULLARY

Biz iňlis dilini öwretmek üçin okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanýarys, şeýle hem talyplaryň iňlis dilini öwrenmek endiklerini okatmak, diňlemek, dil we ýazuw arkaly tejribe geçmäge çalyşýarys. Siziň iňlis dilini öwrenmekde üstünlik gazanmagyňyz üçin, biziň mugallymlarymyz dil baýlygyny döretmäge çalyşýarlar. Okuw sapaklarynyň gyzykly we täsirli geçmegi biziň üçin möhümdir. Sapak döwründe biz wideolar, aýdymlar, oýunlar, goşgular we hekaýalar ýaly goşmaça gollanmalary peýdalanýarys.

 

ŞAHADATNAMA

Her bir okuw derejesi tamamlandan soň, talyplar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan şahadatnama alýarlar. “Dalçyn” okuw merkezi, dürli ýaşly we dürli derejeli okuwçylara (başlangyçdan tä ýaýbaňlanan derejä çenli) iňlis dili boýunça ýörite dil sapaklaryny, şeýle hem IELTS-iň taýýarlan ýörite dil sapaklaryny hödürleýär. Biziň sapaklarymyz talyplara diňe bir oňat düzülen grammatikany hödürlemän dälde, eýsem bu grammatikany gündelik ýaşaýyşda hem ulanmaga ugrukdyrýar.

Adam öz dil endiklerini diňe tejribe arkaly gowulandyryp biljekdigine biz ynanýarys, şonuň üçin hem her bir okuwçynyň iňlis dilini biziň sapaklarymyzda kämilleşdirip biljekdigine güwä geçýäris. Biziň bar maksadymyz talyplarymyzyň iňlis dilinde özara erkin we dogry gepläp bilmegini gazanmakdyr.

ÝÖRITE DIL SAPAKLARYNYŇ MAKSADY

Biziň ýörite sapaklarymyzyň maksady okuwçylaryň iňlis dilini tejribede peýdalanmak üçin dil bilimini we endiklerini emele getirmek üçin iňlis diliniň grammatikasyny okatmak we ony tejribede peýdalanmak, gepleşik dilini kabul edijiligini ösdürmek arkaly, okuwçylaryň iňlis diliniň leksikasyny öwrenmegini we başarmagyny, iňlis dili leksikasyna gündelik ýaşaýyşda aňsat düşünmegini we kabul etmegini gazanmak. Eger-de Siz, iňlis dili boýunça bilimiňizi kämilleşdirmek isleseňiz, synaglara taýýarlyk görjek bolsaňyz ýa-da sadaja sözleýşiňizi gowylandyrmak isleseňiz, onda biziň merkezimiz Size kömek berip biler.

 

OKUWLARYŇ BEÝANY

Iňlis dili boýunça okuw tapgyrynyň dowamlylygy ortaça 13 hepde we her hepde 3 dersden ybarat. Dersler 2 sagat, ýagny 120 minut dowam edýär we arasynda 10 minut arakesme berilýär. Diňleýjiler okuwa ýazylanlarynda derejesine we ýaşyna görä ýerleşdirilýär. 7-9 ýaş arasyndaky çagalar “Kids-1” toparynda okadylýar. 10-12 ýaş arasyndaky çagalar bolsa “Kids-2” toparynda okadylýar. 13-19 ýaş arasyndaky ýetginjekler isleseler, uly ýaşlylaryň toparyna goşulyp okap bilerler. Biziň okuw merkezimizde iňlis dili “Beginner”, “Elementary”, “Pre – Intermediate”, “Intermediate”, “Upper Intermediate” we “Advanced” derejelerinde okadylýar. Okuwçylara “IELTS” synagyna taýarlyk okuwy hem hödürlenýär. Her okuw toparynda okuwçylaryň sany 16 – 20 aralygynda bolar.

Iňlis dilini bilýänlerden öz bilim derejesine laýyk gelýän topara ýerleşdirmek üçin synag alynýar. Synagyň netijesine görä degişli toparyna ýerleşdiriler. Diňleýjileriň bilimini adalatly synag etmek üçin iki görnüşli – ara synag we jemleýji synag alynýar. Şol iki synagyň netijesine görä baha berilýär. “Dalçyn” okuw merkezi diňleýjilere bilim bermek hem-de öwrenen bilimi boýunça synag almak bilen okuwyň hilini ýokarlandyrmagyň ugrunda zähmet çekýär. Şoňa görä şahadatnama almaga hukuk gazanmak üçin iň pes 60 bal almaly. Eger 60 baldan pes alanlar bar bolsa, onda okuw tapgyryny täzeden okamaga mümkinçilik berýäris. Aýda bir gezek diňleýjilerimize gepleşik ukyplaryny ösdürmek üçin goşmaça tejribelik derslerine gatnaşmaga mümkinçilik berilýär. Bu goşmaça dersler gürrüňdeşlik toparyndan, okamaga bolan ukybymyzy ösdürmäge niýetlenen toparyndan, iň täze filmleri görmek arkaly kämilleşiş toparyndan we ene dili iňlis dili bolan adamlar bilen tejribe alyş toparyndan ybarat.

 

Diňleýjilerimiziň islegine görä okuwlaryň alnyp barylýan wagtlary:

 

Irden – 09:00 – 11:10;

Öýlän - 16:00 – 18:15;

Agşam - 18:30 – 20:45

 

Dersleriň arasyndaky 15 minutlyk arakesmelerde täze açylan “Altyn Alaw” kafesi tagamly kofeleri, keksleri, pizzalary, tortlary, dürli salat görnüşleri we miwelerden sykylyp taýýarlanylan tebigy miwe suwlary bilen diňleýjilerimiziň hyzmatynda bolar.

 

SAPAGYŇ GIDIŞI

Sapaklar 5 bölümden ybarat: leksika, grammatika, diňlemek, okuw we gepleşik. Sapaklar aşakdaky tertipde geçirilýär:

 

1.Söz baýlygy: täze sözi öwretmek, dürs ýazuwy, sözleýişi we sözleriň manysyny öwrenmek

 

2.Grammatika: täze sözleri ulanmak we gündelik durmuşdan mysallar getirmek arkaly grammatikany öwrenmek

 

3.Diňlemek: täze öwrenilen sözleriň sözleýişini diňlemek, grammatiki gurluşyna düşünmek we iňlis dilinde degişli wideolara tomaşa etmek, ýazgylary diňlemek

 

4.Okamak: Täze sözleriň okalşyny tejribe etmek

 

5.Gepleşik: Toparlaýyn ýa-da iki-bir gepleşik ýumuşlary arkaly gepleşik ukyplaryny özleşdirmek.

SAPAKLARYŇ TERTIBI

 

Irdenki sapaklar: 9:00-11:00; hepdede 3 sapak

Günüň ikinji ýarymyndaky sapaklar: 16:00-18:00; hepdede 3 sapak

Agşamky sapaklar: 18:30- 20:30; hepdede 3 sapak

 

Dil öwrenmek düzgüni örän çylşyrymly, ýöne Siz bizden iňlis dilini öwrenseňiz lezzet alarsyňyz!

 

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved