Fransuz dili
Türkmen
Русский

“Fransuz dilinde gürleşmek ähli adamlar üçin has ýakymly we umumydyr”

Brunetto Latini, orta asyr pelsepeçisi

Gysgaça taryhy maglumatlar

 

Bize belli bolşy ýaly ХII asyryň başlaryndan fransuz dilil günbatarda we başga ýerlerde hem ýaýrap başlaýar. Aşakda onuň täsiriniň birnäçe mysaly getirilendir:

•Ermenistanyň patyşasy Leon I öz hökümdarlyk eden döwründe fransuz dili hakynda karar çykarýar, şol kararyň esasynda bu dil patyşalygyň resmi dili diýip yglan edilýär.

•1099-njy ýylda Haçlylar Iýerusalime gaýdyp gelip şol ýerde fransuz patyşalygyny esaslandyrýarlar. Fransuz dili iki asyryň dowamynda Keramatly Topragyň dili diýip kabul edilýär.

•XII asyrda balkan ýarymadasynda ýerleşýän döwletlerinde, Kipr patyşalygynda, Morede we Ortaýer deňziniň beýleki ýurtlarynda fransuz dilinde gürleşilýär.

Gyzykly hakykatlar

Fransuz dili onda gürleýänleriň sany boýunça dünýäde dokuzynjy ýeri eýeleýär. Dünýäniň otuz döwletinde fransuz dili resmi dil diýip kabul edilendir. Dünýäniň kyrk üç döwletinde fransuz dilinde gürlenýär. Fransuz dili BMG-ň esasy iş dilleriniň biri diýip hasaplanýar. Şeýle-de ol Olimpiýa oýunlarynyň iki resmi diliniň biri we Gyzyl haç jemgyýetiniň resmi dili diýip kabul edilendir. Dünýäde ýigrimi bäşden hem köp fransuz uniwersitetleri bardyr.

Okatmagyň usullary we tärleri

Bilim almagyň çeşmesi boýunça fransuz dilini öwretmegiň şu usullary tapawutlandyrylýar: mugallymyň sözi, söhbetdeşlik, kitap bilen işleşmek, dil serişdeleriniň seljerilmegi, tehniki we görkezme esbaplary, ýumuşlar.

 

Okuw-usulyýet toplumynyň gurluşy

Fransuz dilini öwrenmeklik “Au café” okuw gollanmasyna esaslanýandyr. Bu gollanma esasan üç bölüme(derejä) bölünýändir ýagny dil öwrenmekligiň başlangyç, orta we önümçilikli derejelerinden ybarat bolup, şeýle-de anyklaýyş sowalnamalar, audio ulgamçalar hem girýändir.

Okuw kitaby gündelik aragatnaşygyň amaly maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan işleriň ähli görnüşleriniň ösdürilmegine gönükdirilendir we leksiki-grammatiki mowzuklary hem öz içine alýandyr.

 

Okuw kitabynyň her bölümi aşakdaky derslerden ybaratdyr:

 

• Gepleşik nusgalary

• Fonetiki materiallar

• Grammatiki materiallar

• Tekstler

• Söhbetdeşlikler

• Öý işleri

• Ses dersler üçin ýumuşlar

Esasy okuw kitabyna goşmaça mugallym beýleki döwrebap okuw gollanmalaryny, Internet-serişdelerini ulanýandyr.

Okatmagyň usulyýeti

Häzirki zaman okuw usulyýetleriň umumylykda ulanylmagy dil öwrenmekde gowy netijeleri bermeklige gönükdirilendir. Biz diliň grammatiki we amaly taýdan özleşdirilmegini sazlamaklyga çalyşdyk. Diliň aragatanaşyk hyzmatlaryna uly üns berilýär: gürleşmek, okamak, audirleme. Okuw dersleriniň dowamynda oýun okuw serişdeleriniň ulanylmaklygy diliň has gowy özleşdirilmegine ýardam berýär.

Okuw kitabynyň gurluşy mugallymy araçy-dili has az ulanmaklyga gönükdirilen, berilýän täze maglumatyň – ýagny grammatikanyň bolşy ýaly leksika hem biri-biri bilen utgaşdyrylyp öňki köne maglumatyň üstüni doldyrýan bir sazlaşykly gurluşa eýedir. Ähli tekstler we ýumuşlar hat-da kesgitlemelere çenli biri-biri bilen utgaşdyrylandyr we okuwçynyň şol wagtdaky bilim derejesine gabat getirilendir.

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved