Çagalar üçin iňlis dili okuwlary
Türkmen
Русский

KIDS 1 we KIDS 2 okuwlaryň beýany

“Dalçyn” okuw merkezi 7-12 ýaşly çagalar üçin iňlis dili okuwlaryny hödürleýär.

Çagalar ýaş aýratynlygy we bilim derejesi boýunça toparlara bölünýärler. 7-9 ýaş aralygyndaky çagalar KIDS 1 toparyna degişli edilýärler. Bu toparda okuwlar ýedi tapgyrdan ybarat bolup, olar: Starter, Level-1, Level-2, Level-3, Level-4, Level 5 we Level-6. Her günki sapagyň dowamlylygy 1,5 sagat (90 minut) bolup, her 45 minutdan 10 minutlyk arakesme berilýär. Bu okuw toparynda sapaklar Cambridge University Press-iň “Kid’s Box” atly kitaby boýunça alnyp barylýar. Bu kitap bütin dünýäde okuwçylar we mugallymlar tarapyndan gyzyklanma tapdy. Kitap okuwçylaryň okuwa bolan höwesini artdyrýan, olary ruhlandyrýan birnäçe täze maglumatlary öz içine alýar. Mundan başga-da, biziň okuwlarymyzyň dowamynda çagalaryň dil öwrenmeginiň has hem täsirli bolmagy üçin dürli hekaýalar we gyzykly aýdymlar hödürlenilýär.

 

10-12 ýaş aralygyndaky çagalar KIDS 2 toparyna degişli edilýärler. Bu toparda okuwlar alty tapgyrdan ybarat bolup, olar: Beginner, Elementary, Pre-Intermediate, Intermediate, Upper Intermediate we Advanced. Her günki sapagyň dowamlylygy 2 sagat (120 minut) bolup, her 1 sagatdan 10 minutlyk arakesme berilýär. Bu okuw toparynda sapaklar Cambridge University Press-iň “Think” atly kitaby boýunça alnyp barylýar. “Think” bu iň täze, döwrebap kitap bolmak bilen, ol okuwçynyň dünýägaraýşynyň giňemegine ýardam berýär. Mundan başga-da, biz çagalaryňyzyň dil öwrenmekden daşary olaryň pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek we özlerine bolan ynamyny güýçlendirmek üçin düýpli çemeleşmelerden peýdalanýarys. Sapaklaryň temalary okuwçylary gyzyklandyrmak, olaryň gözýetimini çuňlaşdyrmak we okuwlaryň täsirli bolmagyny gazanmak üçin saýlanyp alnandyr.

Iňlis dilini bilýänlerden öz bilim derejesine laýyk gelýän topara ýerleşdirmek üçin synag alynýar. Synagyň netijesine görä degişli toparyna ýerleşdiriler. Diňleýjileriň bilimini adalatly synag etmek üçin iki görnüşli – ara synag we jemleýji synag alynýar. Şol iki synagyň netijesine görä baha berilýär. “Dalçyn” okuw we terjime merkezi diňleýjilere bilim bermek hem-de öwrenen bilimi boýunça synag almak bilen okuwyň hilini ýokarlandyrmagyň ugrunda zähmet çekýär. Şoňa görä şahadatnama almaga hukuk gazanmak üçin iň pes 60 bal almaly. Eger 60 baldan pes alanlar bar bolsa, onda biz olara synagy gaýtadan tabşyrmaga mümkinçilik berýäris. Aýda bir gezek diňleýjilerimize gepleşik ukyplaryny ösdürmek üçin goşmaça tejribelik sapaklaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýäris. Bu goşmaça dersler gürrüňdeşlik toparyndan, okamaga bolan ukybymyzy ösdürmäge niýetlenen toparyndan, iň täze filmleri görmek arkaly kämilleşiş toparyndan we ene dili iňlis dili bolan kişiler bilen tejribe alyş toparyndan ybarat.

 

Diňleýjilerimiziň islegine görä okuwlaryň alnyp barylýan wagtlary:

 

Irdenki – 09:00 – 11:10;

Öýlänki - 16:00 – 18:15;

Agşam - 18:30 – 20:45.

 

Sapaklaryň arasyndaky 15 minutlyk arakesmelerde täze açylan “Altyn Alaw” kafede alkogolsyz içgileri, tagamly kofeleri, keksleri, pizzalary, tortlary, dürli salat görnüşleri we miwelerden sykylyp taýýarlanylan tebigy miwe suwlary bilen diňleýjilerimiziň hyzmatynda bolar.

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved