Metbugatdan
Türkmen
Русский

Murat SAPAROW / 05.06.2018 / Ylym

 

“Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymlary “online” şekilde öz hünär derejelerini kämilleşdirýärler

Bilim pudagynyň hususy ulgamynyň wekilleri ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy üçin oňaýly hem-de amatly ýagdaýy döredip, innowasion bilimiň kemala getirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

 

Şu ýylyň fewral aýyndan başlap, “Dalçyn” okuw merkeziniň işgärleri iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek taslamasyna gatnaşyp başladylar. Bu okuwlaryň aýratynlygy – okuwlaryň uzak aralykdan daşary ýurtda ýerleşýän Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilimeginden ybarat.

 

“Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymlarynyň aýtmagyna görä, bu sapaklar olara dünýäniň iň belli, tanymal we öňdebaryjy okuw jaýlarynyň birinde işleýän daşary ýurt hünärmenlerinden baý we örän möhüm tejribeleri öwredýär. Okuw merkezine gatnaýan okuwçylara daşary ýurda gitmezden, Kembrij uniwersitetiniň usulyýetine görä iňlis dilini öwrenmek üçin uly mümkinçilik döredi.

 

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň mugallymlary üçin uzak aralykdan geçirilýän okuw umumy bilimi, esasan-da netijeli bilim bermek, sapaklary meýilleşdirmek we şuňa meňzeş beýleki bilimleri berkitmek maksady bilen ýola goýuldy. Wagtyň geçmegi bilen, öwrenilýän mowzuklaryň dürli kiçi ugurlara bölünmegi bilim bermegiň hem-de okuwçylar bilen işleşmegiň dürli görnüşlerini etaplaýyn öwrenmäge ýardam berdi.

 

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň mugallymlary üçin bu okuwlar Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleri bilen elektron hatlary alyşmakdan başlap, wideo arkaly gepleşik görnüşlerinde hem geçirildi.

 

Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleri okuw merkeziniň mugallymlaryna häzirki döwre laýyk, döwrebap hem-de täze maglumatlary bermäge çalyşdylar. Täze maglumatlar bilen tanşyp, mugallymlar şol bada bu öwrenilen täze usuly öz okuwlarynda ulandylar. Merkeze gatnaýan okuwçylar okuw sapaklarynyň gurluşyny kämilleşdiren hem-de okuwlaryň has-da sazlaşykly bolmagyna ýardam eden, bu täzelikleri hem-de üýtgeşmeleri uly höwes bilen kabul etdiler.

 

Häzirki wagta çenli “Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymlary mowzuklaryň 10-sy boýunça uzak aralykdan geçirlýän okuwy tamamladylar. Ýaňy- ýakynda okuwy üstünlikli tamamlan işgärlere şahadatnamalar gowşuryldy.

 

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň bu ugur boýunça döredijilikli çemeleşmesi mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilik döredýän, şeýle-de mekdep okuwçylara we talyplara ýokary derejeli bilim bermäge ýardam berýän uzak aralykdan geçiriliýän okuwlaryň Türkmenistanda üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

/ 10.04.2018 / Jemgyýet

 

Eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň yn­san­per­wer mak­sat­la­ry

Aş­ga­bat­da A.S.Puş­kin adyn­da­ky Döw­let rus dra­ma teat­ryn­da üýt­ge­şik çy­kyş gu­ral­dy. Du­şen­be gü­ni ag­şam — bu, adat­ça, teatr­lar­da dynç gü­ni bol­sa-da, onuň gi­rel­ge­si­niň öňün­de adam­lar ýyg­nan­dy­lar, ola­ry bu ýe­re nä­me ge­tir­di: «Eý­sem, bu gün spek­takl bar­my?».

 

Bu gün bu ýer­de spek­tak­ly «puş­kin­li­ler» gör­kez­me­ýär­di, ýog­sa, olar hem bu ýer­dä­ki baý­ram­çy­ly­gy gu­ra­mak bi­len meş­gul­dy­lar. Sah­na ta­lyp­lar we mek­dep okuw­çy­la­ry — yn­san­per­wer çä­rä­niň ba­şy­ny baş­lan «Dal­çyn» dil okuw mer­ke­zi­niň diň­leý­ji­le­ri çyk­dy­lar.

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kes­git­län kon­sep­si­ýa­syn­da dil sy­ýa­sa­ty Türk­me­nis­tan­da bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Onuň mak­sa­dy tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra eýe bol­ma­ga hem-de ylym­da we teh­ni­ka­da ösen iş­le­riň öň ha­ta­ryn­da, mö­hüm hü­när mag­lu­mat­la­ryn­dan ha­bar­ly bol­ma­ga ukyp­ly dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­lup dur­ýar.

 

Şu me­se­le bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­mi­ziň gör­kez­me­le­ri ýur­du­my­zyň okuw mek­dep­le­rin­de, şeý­le hem kö­mek­çi bi­lim eda­ra­la­ryn­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň öw­re­nil­me­gi­ni çuň­laş­dyr­ma­gy we gi­ňelt­me­gi şert­len­dir­di, bu bol­sa dür­li dil okuw­la­ry­nyň we mer­kez­le­ri­niň peý­da bol­ma­gy­ny hö­wes­len­dir­di. Şo­la­ryň bi­ri türk­men, iň­lis, fran­suz, rus we beý­le­ki dil­ler­de öz en­dik­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan ýaş­la­ry bir­leş­di­ren “Dal­çyn” mer­ke­zi­dir.

 

Bu mer­kez bel­li bir meş­hur­ly­ga we ab­ra­ýa eýe bo­lup, öz işi ha­kyn­da öz­bo­luş­ly ha­sa­bat ber­me­gi, em­ma ony öz baş­lan­gyç­la­ry­nyň üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, öz okuw­çy­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni — dil bi­lim­le­ri­niň de­re­je­sin­de hem, ýaş­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­mak, ola­ryň ru­hy taý­dan ösü­şi, ah­lak, dur­muş çel­gi­le­ri ba­bat­da hem müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­me­gi ma­kul bil­di. “Dal­çyn” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň “Aş­ga­bat 2017” Oýun­la­ry­nyň do­wa­myn­da ter­ji­me­çi­lik hem-de meý­le­tin­çi­le­ri dil bo­ýun­ça taý­ýar­la­mak ba­bat­da iş­jeň çe­kil­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, bu ugur tä­ze çä­re­de hem do­wam edil­di.

 

“Dal­çy­nyň” pi­ki­ri­ni mer­ke­ziň ýol­baş­çy­la­ry­nyň kö­mek üçin ýüz tu­tan adam­la­ry­nyň hem­me­si gol­da­dy­lar. Çä­rä­niň maz­mu­ny og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň meş­hur eser­ler­den sah­na­la­ry öz di­lin­de – türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­den hem-de top­la­nan se­riş­de­le­ri “Umyt­lar ada­sy” at­ly eýe­siz haý­wan­la­ra kö­mek mer­ke­zi üçin ýyg­na­mak­dan yba­rat bol­dy.

Türk­me­nis­tan­da meý­le­tin­çi­lik he­re­ke­ti Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi hem-de 2017-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çir­me­gi bi­len has ber­ke­di we gül­läp ös­di. Şon­da meý­le­tin­çi kö­mek­çi­le­riň uly to­pa­ry jem­len­di, olar ýö­ri­te taý­ýar­lyk, şol san­da dil taý­ýar­ly­gy­ny geç­di­ler, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­lar­da tä­lim al­dy­lar. Meý­le­tin­çi­ler Ka­zan­da ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä uni­wer­sia­da­sy (2013-nji ýyl), So­çi­de ge­çi­ri­len gyş­ky Olim­pia­da (2014-nji ýyl), Ko­re­ýa­nyň Inç­hon şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Azi­ýa oýun­la­ry (2013-nji we 2014-nji ýyl­lar), Ba­kuw­da ge­çi­ri­len I Ýew­ro­pa oýun­la­ry (2015-nji ýyl), Rio-de-Ža­neý­ro­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry (2016-njy ýyl) ýa­ly iri sport çä­re­le­rin­de aja­ýyp tä­lim al­dy­lar.

 

Aş­ga­bat Azia­da­sy uly üs­tün­lik­le­re bes­len­di, ol ta­mam­la­nan­dan soň hem meý­le­tin­çi­ler to­par­la­ry we ola­ryň ru­hu­be­lent­li­gi ýi­tip git­me­di. Olar öz­le­ri­niň parh­ly ga­raý­şy­nyň hem-de ýag­şy­ly­gy­nyň ge­rek bol­jak tä­ze “sal­gy­la­ry­ny” tap­ýar­lar. Şo­la­ryň bi­ri hem “Umyt­lar ada­sy” bol­dy. Onuň he­mi­şe­lik ak­gö­wün­li kö­mek­çi­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň hem ta­lyp­la­ry bar.

 

Yn­san­per­wer­lik jem­gy­ýe­tiň eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň esa­sy­ny düz­ýär. Ada­ma, äh­li jan­da­ra bo­lan söý­gi, üns we ala­da eko­lo­gi­ýa pi­ki­ri­ni kes­git­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­ga ça­gyr­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň köp baş­lan­gyç­la­ry ýaş­lar­da şeý­le oý-pi­ki­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir: olar bag ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk çä­re­le­ri ýa-da spor­ty we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek hem-de te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça çä­re­ler bo­lup dur­ýar.

 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne, ala­baý­la­ra mä­hir duý­gu­sy bi­len ga­ra­ýar. Hut döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tek­li­bi bo­ýun­ça We­pa­ly at­ly ala­baý “Aş­ga­bat 2017” Oýun­la­ry­nyň tu­ma­ry­na öw­rül­di. Onuň at­da­şy­ny — bu aja­ýyp to­hum­dan bo­lan itiň gü­jü­gi­ni bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz rus­si­ýa­ly kär­de­şi Wla­di­mir Pu­ti­ne sow­gat ber­di.

 

“2018-nji ýyl — it ýy­ly, biz üçin bol­sa We­pa­ly­nyň ýy­ly. Diý­mek, bu ýyl ge­çip bar­ýan ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de has dur­nuk­ly we saz­la­şyk­ly bo­lup, aba­dan­çy­lyk we iş­ler­de ro­waç­lyk ge­ti­rer. Bi­ze äh­li ýol­lar açy­lar, gör­lüp-eşi­dil­me­dik ädim­ler ädi­ler, iri möç­ber­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ry­lar...” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Tä­ze ýyl gi­je­si wa­tan­daş­la­ry­my­zy gut­lan­da bel­le­di.

 

Ada­myň we­pa­ly dos­ty bo­lan itiň ny­şa­ny as­tyn­da geç­ýän şu ýyl bi­len bi­zi şeý­le umyt­lar bag­la­ýar. Adam hem onuň we­pa­ly­ly­gy­na mä­hir we jo­gap­kär­çi­lik bi­len jo­gap ber­ýär. Eger ol bet­bagt­çy­ly­ga ýa-da bi­per­waý el­le­re dü­şen bol­sa, eýe­si­ni we öýü­ni ýi­ti­ren bol­sa, oňa kö­me­ge gel­mä­ge taý­ýar­dyr. Ine, “Umyt­lar ada­sy” — öý­süz-öw­zar­syz haý­wan­la­ra kö­mek ber­ýän il­kin­ji mer­kez hem şeý­le yn­san­per­wer iş­ler bi­len meş­gul­lan­ýar, ol 2017-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da yn­san­per­wer ugur­ly hu­su­sy kär­ha­na hök­mün­de ýur­du­myz­da res­mi taý­dan ha­sap­da bel­li­ge alyn­dy.

 

Şon­dan bä­ri “Ada­da” sak­lan­ýan­la­ryň sa­ny ep-es­li art­dy, ala­da­lar hem kö­pel­di. Ba­şy baş­la­nan oňat işe döw­let dü­züm­le­ri­niň kö­mek ed­ýän­di­gi hem gu­wan­dy­ry­jy­dyr: ze­rur bo­lan luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri, we­te­ri­nar hyz­mat­la­ry we şu­ňa meň­zeş­ler yzy­gi­der­li be­ril­ýär. Te­le­ke­çi­ler — res­to­ran ho­ja­lyk­la­ry we şöh­lat ön­dü­ri­ji­ler it­le­ri hem-de pi­şik­le­ri iým bi­len üp­jün et­mä­ge öz go­şant­la­ry­ny goş­mak ka­ra­ry­na gel­di­ler.

 

Ozal bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ta­lyp — meý­le­tin­çi­ler hem “Ada­dan” ha­bar tu­tup dur­ýar­lar — bu ýer­de iş hem­me­le­re ýe­ter­lik. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, di­ňe bir mer­ke­ziň özü­ne bol­man, eý­sem, onuň jem­gy­ýet­de tut­ýan or­nu­na köpta­rap­dan gol­daw be­ril­ýär. “Dal­çy­nyň” çä­re­si hem ila­tyň dür­li gat­lak­la­ry­ny şeý­le gu­ra­ma­la­ryň dur­muş äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Onuň mak­sa­dy uly bol­ma­dyk köpdür­li dil­ler­de sah­na­laş­dy­ry­lan çy­kyş­da ýaş ne­sil­le­riň uly ah­lak, ru­hy, aň-paý­has we dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­li­gi­ni gör­kez­mek­den, ze­hin­li we kal­by joş­gun­dan do­ly ýaş­la­ryň uly yh­las­ly, ru­hu­be­lent güý­jü­ni paý­laş­mak­dan yba­rat­dyr.

 

Şol ag­şam to­ma­şa­çy­lar sah­na­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­ri hut şo­nuň ýa­ly ýag­daý­da gör­dü­ler. Şol ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler gah­ry­man­la­ryň egin-eşik­le­ri­ni geý­nen og­lan­jyk­lar we gyz­ja­gaz­lar­dyr, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni örän oňat öz­leş­dir­ýän okuw­çy­lar­dyr hem-de aja­ýyp aý­dym aýt­ma­gy, tans et­me­gi we keşp ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ba­şar­ýan ukyp­ly ça­ga­lar­dyr. Tüýs ýü­rek­den ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len çy­kyş­la­ra duý­gur ses­len­ýän to­ma­şa­çy­lar owa­dan we aras­sa kalp­ly adam­la­ra el çarp­dy­lar. Ol adam­lar örän ýa­şa­jyk hem-de dün­ýä bi­len iň go­wy zat­la­ry, ýag­ny öz­le­rin­dä­ki bar bo­lan ýü­rek mäh­ri­ni, ýag­şy­ly­gy, bi­lim­le­ri­ni paý­laş­ma­ga taý­ýar ça­ga­lar­dyr. Olar hä­zir jem­gy­ýe­te, öz Wa­ta­ny­na peý­da­ly we ge­rek­li bol­mak üçin äh­li yh­la­sy­ny gaý­gyr­ma­ýar­lar.

 

Dün­ýä­niň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň äheň­le­ri bo­ýun­ça saz­ly çy­kyş uly şat­lyk-şow­hun bi­len geç­di — hö­wes­jeň akt­ýor­la­ryň hat­da ki­çi­räk kem­çi­lik­le­ri we ýal­ňyş­lyk­la­ry hem üýt­ge­şik özü­ne çe­ki­ji bo­lup tol­gun­dy­ry­jy gö­rün­di, des­si­ne-de za­lyň gol­da­ýyş ähe­ňin­dä­ki el çar­pyş­ma­la­ra bes­len­di. Mu­nuň özi hö­wes­jeň ar­tist­le­re hem­me za­dyň ge­çi­rim­li bol­ýan­dy­gy üçin däl-de, ola­ryň sah­na çy­kyp, öň­de go­ýan mak­sa­dy ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri üçin­dir. Olar sah­na­nyň we hal­kyň öňün­de çe­kin­jeň­lik­le­ri­ni ýeň­di­ler, öz­le­ri­ni aç­mak­dan çe­kin­me­di­ler, mu­nuň üçin bol­sa olar çy­kyş­lar­dan öňür­ti taý­ýar­lyk­lar­da we olar­dan da­şa­ry hem öz üst­le­rin­de örän köp iş­le­di­ler.

 

Sah­na­laş­dyr­mak üçin esas hök­mün­de “Şa­se­nem we Ga­ryp” türk­men des­sa­ny, Şeks­pi­riň “Ro­meo we Ju­let­ta”, “Otel­lo” tra­ge­di­ýa­la­ry alyn­dy, şeý­le kuw­wat­ly sah­na eser­le­ri­niň ha­ta­ry­na Alek­sandr Ser­ge­ýe­wiç Pu­ş­ki­niň ki­çi­räk eser­le­ri­niň bi­ri bo­lan “Mo­sart we Sal­ýe­ri” ese­ri hem gir­di. Di­ňe Şeks­pi­riň bir ko­me­di­ýa­sy — “Na­da­ra­nyň nog­ta­lan­ma­gy” mak­sat­na­ma­da bol­dy, ýö­ne pýe­sa­nyň “ba­ky­lyk” de­re­je­si şu ýer­de-de ar­tist­le­riň özü­ne bo­lan ta­la­be­di­ji­lik de­re­je­si­ni pe­selt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­me­di. Şun­da bol­sa olar to­ma­şa­çy­la­ry be­gen­dir­di­ler!

 

Bu be­ýik eser­le­riň hem­me­si­ni saz­la­şyk­ly bir kom­po­zi­si­ýa bir­leş­dir­mä­ge şow­ly usul bo­lan we­ne­sian­ly söw­da­gä­riň hem-de sy­ýa­hat­çy Mar­ko Po­lo­nyň onuň ýa­nyn­da­ky ýolgör­ke­zi­ji türk­men bi­len gür­rüň­deş­li­gi müm­kin­çi­lik ber­di. Olar bi­le­lik­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi bo­lan Türk­me­nis­ta­na gel­di­ler, uzak ýo­ly bol­sa gy­zyk­ly ta­ry­hy gür­rüň be­rip be­ze­di­ler...

 

Goý, Ro­meo bal­ko­nyň aşa­gyn­da El­wis Pres­li­niň “Love me ten­der, love me sweet” aý­dy­my­ny aýt­syn, Otel­lo­nyň bol­sa oňat be­je­ri­len sa­çy bol­sun, esa­sy spek­takl jan­ly, duý­gu­la­ry­ňa tä­sir ed­ýän hem-de wa­ka­la­ryň tu­tuş dra­ma­ly­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, örän hoş­ni­ýet­li bol­dy. Aşyk-mag­şuk­lar aý­ra düş­me­di­ler we öl­me­di­ler, Dez­de­mo­na­ny bog­ma­dy­lar, Mo­sar­tyň gam­gyn ese­ri bol­sa: “Biz si­ze bagt ar­zuw ed­ýä­ris!” di­ýen söz­le­ri bo­lan aý­dym bi­len çal­şy­ryl­dy.

 

Çy­ky­şyň il­ki­ba­şyn­dan baş­lap, yna­nyş­ma­gyň örän oňaý­ly ýag­da­ýy eme­le gel­di, şol hoş­ni­ýet­li pur­sat­la­ry äh­li to­ma­şa­çy­lar we akt­ýor­lar bi­rek-bi­re­ge ho­şal­lyk bi­len öz ýü­rek­le­rin­de gal­dyr­dy­lar. Ha­ýyr-sa­ha­wat kon­sert-spek­tak­ly­nyň gu­ra­ma­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da ho­şal­lyk, ru­hu­be­lent­lik söz­le­ri köp ýaň­lan­dy, ýö­ne esa­sy zat şol çy­kyş­lar­da ýag­şy­lyk ýaý­ma­ga adam­la­ry bir­leş­dir­ýän ça­gy­ryş bol­dy.

 

Ozal yg­lan edi­li­şi ýa­ly, “Dal­çyn” dil mer­ke­zi­niň hö­dür­län çy­ky­şy­nyň pe­tek­le­ri üçin hem­me gir­de­ji “Umyt­lar ada­sy” kär­ha­na­sy­na kö­me­ge ug­ra­dyl­dy.

 

Ýö­ne “Dal­çyn” öz asyl­ly baş­lan­gyç­la­ryn­da ýe­ke däl­dir. Şeý­le çä­rä Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri uly hö­wes bi­len go­şu­lyp, no­bat­da­ky ge­zek “Ada” üçin dür­li der­man­la­ryň, sar­gy se­riş­de­le­ri­niň ze­rur bo­lan tap­gy­ry­ny we şu­ňa meň­zeş beý­le­ki­le­ri bö­lüp ber­di­ler. Bu çä­rä Oba we suw ho­ja­ly­k mi­nistr­li­gi­niň we­te­ri­nar gul­lu­gy­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ola­ryň bu mer­ke­ze öz ug­ry bo­ýun­ça ber­ýän şeý­le kö­me­gi il­kin­ji ge­zek däl­dir.

 

Mun­dan baş­ga-da, te­bi­ga­ty go­ra­ýyş eda­ra­sy­na, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne, Je­ma­gat ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi­ne uly ho­şal­lyk bil­di­ril­di. Je­ma­gat ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi hä­zir­ki wagt­da eýe­siz it­le­ri we pi­şik­le­ri sak­la­mak bo­ýun­ça iri kär­ha­na­ny dö­ret­mek tas­la­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar.

 

Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry meý­le­tin­çi­lik iş­le­ri­ni yh­las­ly alyp ba­ran­dyk­la­ry üçin, öw­gä my­na­syp bol­du­lar. Ola­ry şeý­le iş­le­re mu­gal­lym­la­ry ruh­lan­dyr­ýar­lar. Bu baý­ram­çy­ly­gy gu­ra­ma­ga Bi­lim mi­nistr­li­gi uly gol­daw ber­di. “Dal­çy­nyň” diň­leý­ji­le­ri öz no­ba­tyn­da A.S.Puş­kin adyn­da­ky teat­ryň äh­li to­pa­ry­na we onuň üs­ti bi­len sah­na­laş­dyr­mak pi­ki­ri­niň dur­muş­da be­ýan edil­me­gi­ne be­ren kö­me­gi üçin Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­ne ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Bu çä­re­de Me­dia-Türk­men agent­li­gi­niň “Orient” saý­ty mag­lu­mat hyz­mat­da­şy bo­lup çy­kyş et­di.

 

Aja­ýyp, hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mä­ge äh­li şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi, ra­ýat we te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­nyň öňe iler­le­dil­ýän­di­gi üçin, re­him­li­li­ge he­mi­şe orun be­ril­ýän ag­zy­bir jem­gy­ýet üçin, içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da yn­san­per­wer mak­sat­la­ry hem-de umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry wa­gyz ed­ýän bi­ziň aja­ýyp ýur­du­myz­da­ky bag­ty­ýar dur­muş üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na çuň­ňur ho­şal­lyk söz­le­ri aý­dyl­dy.

tdh / 17.12.2017 / Jemgyýet

 

Türkmen telekeçileri dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleri bilen gatnaşyklary ösdürýärler

 

Türkmenistanda häzirkizaman bilim ulgamynyň ähli tapgyrlarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň öňdebaryjy usulyýetleri ornaşdyrylýar, olary okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dil bilimlerini özleşdirmegiň ýaş hünärmenleriň möhüm artykmaçlyklary bolup durýandygy, onuň adamy baýlaşdyrýandygyny, olaryň öňünde uly mümkinçilikleri açýandygyny belleýär.

 

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge hususy kompaniýalar hem öz goşantlaryny goşýarlar. Dil bilimleri babatynda hyzmatlaryny hödürleýän “Dalçyn” hususy kärhanasy dilleri öwrenmek, terjimeçiligiň nazarýeti we amaly usullaryny bermegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan açyk gapylar we giň hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde Türkmenistan halkara maslahatlarynyň, işewür-forumlarynyň, syýasy geňeşmeleriň we döredijilik çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda ýerli hünärmenleri çekmek bilen işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany artýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dillerini bilýän dürli ulgamlarda işleýän ýokary hünärli işgärlere bolan isleg ýylsaýyn artýar.

Daşary ýurt dilleriniň öwrenilmeginiň häzirkizaman usulyýetlerini ornaşdyrmak maksady bilen “Dalçyn” HK Kembrij uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi. Munuň özi türkmen kärhanasyna Beýik Britaniýanyň esasy okuw mekdepleriniň biri bilen ýurdumyzda okuw sapaklarynyň ilkinji resmi wekili bolmaga mümkinçilik berdi.

 

Kembrij uniwersitetiniň Türkmenistanda ilkinji ygtyýarlandyrylan edebiýatynyň dükanynyň açylmagy oňyn hyzmatdaşlygyň netijesi boldy. Bu ýerde alyjylara diňe bir okuw we usulyýet esbaplary däl-de, iňlis dilinde çeper edebiýat, syýahatçylyk pudagynda, awiasiýada, nebitgaz ulgamynda we beýleki pudaklarda ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça okuw gollanmalary hödürlenilýär.

 

Dükanyň açylyş dabarasyna Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, “Dalçyn” bilim merkeziniň mugallymlary we dil merkeziniň köpsanly diňleýjileri gatnaşdylar.

 

Dükanda her bir okuw kitaby audio disk bilen bilelikde satylýar, ol ussat diktoryň nusgawy dilde we takyk gürleýän tekstini diňlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem edebiýatlar diliň nazaryýet ugurlaryny aňsat özleşdirmäge ýardam edýän hem-de tejribede alnan bilimleri ulanmagyň dürli usullaryny görkezýän gysga wideofilmler bilen üpjün edilendir.

 

Dükandan başga-da iňlis medeniýetine mahsus bolan dürli nyşanlar bilen bezelen “Altyn alaf” kafesi açyldy. Dil okuwlarynyň diňleýjileri dumanly Albionyň gurşawyna aralaşyp, yzygiderli okuwdan soň dynç alyp, ussat aşpezleriň taýýarlan iňlis tagamlaryndan we süýjüliklerinden dadyp bilerler, şeýle hem dürli içgileriň onlarçasyndan lezzet alyp bilerler.

 

Bu ýerde Serişdeler merkezi hem bolup, bilim alýanlar gyzykly edebiýatlar bilen tanşyp, gazetleri, žurnallary we beýleki makalalary okap, alan maglumatlaryny ara alyp maslahatlaşyp, filmlere tomaşa edip özlerinde galan täsirleri paýlaşyp bilerler. Bularyň ählisi öwrenilýän diliň dünýäsine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär.

 

Halkara bilim düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň daşary ýurtly hünärmenlerini we dilçileri çagyrmak arkaly hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini bellemek gerek, olar Merkeziň diňleýjileri we işgärleri üçin sapaklary geçýärler. “Dalçin” Kembriž uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iňlis diliniň çuňňur öwrenilmegini okatmagy meýilleşdirýär.

 

Bu ýerde geçirilýän dil öwrenmek boýunça dersleriň aýratynlyklary bilim alýanlaryň arasynda daşary ýurt dilinde gatnaşyklary ýola goýmak arkaly alynan bilimleri tiz özleşdirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Toparlardaky diňleýjileriň sany 15 adamdan geçmeýär, bu bolsa mugallymlara olaryň her birine ýeterlik üns bermäge mümkinçilik döredýär.

 

Merkeziň mugallymlarynyň öz öňünde goýýan esasy wezipesi – her bir diňleýjä aýratyn çemeleşmek bilen gysga wagtyň içinde dilleri netijeli öwretmek bolup durýar. Meselem, okuwa täze başlanlar üçin iňlis dilini öwrenmek boýunça maksatnama alty tapgyra bölünýär hem-de 18 aýdan köp wagty almaýar. Merkeziň has taýýarlykly diňleýjileri okuwlary gysgaldylan maksatnama boýunça tamamlap bilerler. Okuwyň tapgyryny geçenler degişli derejede tagalla edenlerinde bilimleriň we tejribäniň goruna eýe bolarlar. Munuň özi işe hem-de daşary ýurt okuw mekdeplerine girmek üçin zerur bolan IEL TS halkara ölçeglerine laýyklykda synaglary tabşyrmaga mümkinçilik berer.

 

Dürli ýaşdaky toparlaryň daşary ýurt dilini kabul etmek aýratynlyklaryny nazara almak bilen, okuwlar üç tapgyra bölünýär: 7-12, 13-19 ýaşdaky hem-de 20 ýaşdan ýokary diňleýjiler üçin niýetlenendir. Çagalar üçin okuwlar bäsleşikleri hem-de okuwy has ýeňil özleşdirmek üçin işlenip taýýarlanylan özboluşly bilim berýän tehnikalary peýdalanmak bilen oýun görnüşinde geçirilýär.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň esasy wezipämiz – öz halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini kemala getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar, çünki halkara ylmy maslahatlaryna, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarynda ýurdumyza wekilçilik ederler.

 

 

“Aşgabat—2017” oýunlaryna üstünlikli hyzmat edilmegi “Dalçyn” HK-nyň işgärleriniň ussatlygynyň görkezijileriniň biri boldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi maslahatçysy - “Trivandi Сhanzo Limited” britan kompaniýasy bilen bilelikde ýokary derejeli terjimeçilerden ybarat bolan topar döredildi, ol giň gerimli ýaryşlary guramak bilen meşgullandy.

 

Kärhananyň hünärmenleri Oýunlaryň meýletinçilerini taýýarlamak meselelerinde hem ýardam etdi. Kärhananyň işgärleriniň öz işine ussatlarça we jogapkärçilikli çemeleşmegi meýletinçileriň ýüzlerçesine daşary ýurt dillerini ýokary derejede özleşdirmäge hem-de myhmanlara türkmen halkynyň türkmen halkynyň özboluşly däpleri barada gürrüň bermäge kömek etdiler.

 

“Dalçyn” HK-nyň 60-a golaý hünärmeni daşary ýurtly türgenlere, tomaşaçylara terjimeçilik hyzmatlaryny hödürlediler, olaryň sanawyna göni we yzygiderli terjimeler, resminamalary terjime etmek, maglumat-maslahat hyzmatlary girdi. Kärhana üstüne ýüklenen wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi hem-de “Aşgabat—2017” Oýunlarynyň medeniýetleriň açyk gatnaşyklarynyň ýerine öwrülmegi üçin ähli şertleri döretdi, bu ýerde gepleşikler üçin dürli dilleriň böwet bolmagy aradan aýryldy.

 

Kärhananyň hünärmenleri özleriniň toplan oňyn tejribesini beýleki şunuň ýaly sport bäsleşiklerine, hususan-da Türkmenistanda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylaryna hödürlemäge taýýarlyklaryny beýan etdiler.

 

Şu günler merkez türkmen, iňlis, rus, nemes we fransuz dilleri boýunça gyşky möwsümde okuw tapgyrlaryny geçmek üçin täze diňleýjileri kabul etmäge başlady.

Eziz Öwezow / 06.09.2017 / Jemgyýet

 

V Aziýa oýunlarynyň terjimeçiler toparynda “Dalçyn” okuw we terjimeçilik merkeziniň hünärmenleri

 

“Aşgabat 2017" oýunlaryna taýýarlyk görmek ýurdumyzyň durmuşynyň derwaýys meseleleriniň birine öwrüldi. V Aziýa oýunlary diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde müňlerçe tomaşaçylara we gatnaşyjylara gujak açjak iň iri sport baýramçylygydyr.

 

Oýunlaryň taýýarlyk işlerine döwlet edaralary bilen bilelikde hususy eýeçilik ulgamynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň arasynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň taýýarlyk işine mynasyp goşandyny goşýan kärhanalaryň biri hem “Dalçyn” okuw-terjimeçilik merkezi bolup durýar.

 

“Dalçyn” hususy kärhanasy Türkmenistanda giň göwrümli we ýokary hilli okuw we terjime hyzmatlary bilen tanalýan öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Ol 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň resmi maslahatçysy Beýik Britaniýanyň “Triwandi Çanzo Limited” kompaniýasynyň hyzmatdaşy boldy. Iki kompaniýanyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň netijesinde gysga döwrüň dowamynda ýokary derejeli terjimeçiler topary döredildi we çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işlerde aragatnaşyk köprüsi bolup hyzmat etdi.

 

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň mugallymlary we hünärmenleri “Triwandi Çanzo Limited” kompaniýasyna meýletinçileri taýýarlamakda hem goldawyny gaýgyrmaýarlar. Ýaş we ruhubelent meýletinçiler gelýän daşary ýurtly myhmanlary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşy aljak ýurdumyzyň ilkinji wekilleridirler. Şonuň üçin hem biziň ýaş ýigitlerimize we gyzlarymyza örän uly jogapkärçilik düşýär. Olar diňe bir güler ýüzli myhmansöýerlik edeplerine eýe bolman, eýsem daşary ýurt dillerini hem ýokary derejede özleşdirmegi başarmalydyr.

“Hemmelere belli bolşy ýaly, meýletinçiler Oýunlaryň “ýüzüdir”. Sebäbi daşary ýurtly türgenlerde we janköýerlerde Türkmenistan, paýtagtymyz Aşgabat we Aziýa oýunlary hakynda ilkinji ýakymly täsirleri galdyrmak olara bagly bolup durýar. “Ilkinji ýyldyzlar” meýletinçilik maksatnamasynyň çäklerinde Oýunlarda ýardam bermek üçin 8000 meýletin ýardamçy saýlandy. Olar, esasan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr. Topar ýolbaşçylary üçin ýörite tälimçilik okuwlary, şol sanda dil taýýarlyk okuwlary gurnaldy” diýip, “Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymy Döwlet Rejepow gürrüň berýär.

 

Aşgabat 2017 oýunlary “Dalçyn” kärhanasy üçin onuň alyp barýan işiniň ýokary hünär derejesinde çemeleşilýändiginiň we sentýabr aýynda garaşylýan çylşyrymly wezipeleriň öňünde toparyň agzybirliginiň düýpli barlagy bolar. Sebäbi kärhananyň ähli hünärmenleri daşary ýurtly wekiliýetleriň ýanynda iş alyp barmaklyga çekiler. Bu merkez dilden (sinhron we yzygiderli) terjime, resmi ýazmaça terjimeler we maglumat-maslahat beriş hyzmatlaryny hem öz içine alýar. Kärhananyň bu döwürde öňünde goýýan esasy wezipesi hyzmatlary ýokary hünär derejesinde, öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmekden ybarat bolup, alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugry Aşgabat 2017 oýunlarynyň dürli dilleriň aragatnaşygyna päsgelçilik bolmaýan we medeniýetleriň açyk aragatnaşygynyň ýola goýulýan sahnasyna öwrülmegi üçin ähli zerur bolan şertleri döretmekden ybaratdyr.

 

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Nazar Atajanow: “Biziň üçin Aşgabat 2017 oýunlarynyň taýýarlyk işlerine gatnaşmak örän buýsandyryjydyr. Bu Oýunlar bize we ýurdumyzyň hususy eýeçilik ulgamynyň beýleki wekillerine iri halkara taslamalarynda işlemek bilen hünär tejribelerimizi baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

 

Bedew batly depginler bilen belent ösüşlere sary barýan ýurdumyz köpsanly halkara forumlaryň, simpoziumlaryň, ylmy maslahatlaryň we syýasy çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine maýa goýumlaryny goýýan, türkmen hünärmenlerini işe çekýän daşary ýurtly kompaniýalaryň sany hem günsaýyn artýar. Şeýlelik bilen ýyl geçdigiçe daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleriň zerurlygy ýüze çykýar” diýip belleýär.

 

“Dalçyn” okuw we terjime merkezinde bäş sany dil öwredilýär: türkmen, iňlis,rus, nemes we fransuz. Merkeziň diňleýjileriniň agramly bölegi iňlis dilini öwrenmäge ýykgyn edýärler, sebäbi ol milletara aragatnaşyk dili hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, “Dalçyn” hususy kärhanasy Beýik Britaniýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Kembrij uniwersiteti bilen hem ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar we merkeziň diňleýjileri bu uniwersitetiň okuw kitaplary boýunça okadylýar.

“Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymlarynyň öz öňünde goýýan esasy maksady gysga wagtyň dowamynda daşary ýurt dilini netijeli öwretmekden ybaratdyr. Mysal üçin, iňlis dilini täze öwrenýänler üçin maksatnamanyň dowamlylygy 18 aýdan köp bolmaly däl. Ýeterlik yhlas edilende iňlis dilini öwrenýänler we “Dalçyn” okuw merkezinde okuw tapgyrynyň altysyny hem doly okan diňleýjiler işe we halkara uniwersitetlere okuwa girmek üçin zerur bolan IELTS halkara synagyny hem tabşyryp bilýärler. Şu ýyl merkezi 2-nji oktýabrda güýzki okuw tapgyryna täze diňleýjileri kabul etmäge taýýarlanýar.

 

“Dil öwren, dünýäni aç” jümlesi biziň merkezimiziň baş şygary bolup, diňleýijilere gysga wagtda aragatnaşygy ýola goýmak endiklerini öwretmek üçin döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanýarys. Okuw sapaklarynyň berk gözegçilikde saklanmagy we bilim derejesiniň bahalandyrylmagy diňleýjilere ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle-de aragatnaşyk endikleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen okyjy toparlary, filmlere seretmek we ara alyp maslahatlaşmak, dürli bäsleşikleri gurnamak bilen goşmaça amaly sapaklar geçirilýär. Öňümizdäki “Aşgabat2017" oýunlary bizi işlerimizi kämilleşdirmäge höweslendirýär” diýip, okuw merkeziniň mugallymy Gunça Bagiýewa nygtaýar.

 

Kärhananyň adynyň çuňňur mana eýedigi hem ýatlanmaga mynasypdyr. Dalçyn türkmen dilinde dürli tagamlaryň gymmatyna baha berýänleriň halaýan we dürli iýmitleriň, içgileriň tagamyna üýtgeşik hoşboý tagam beriji ösümlikleriň biridir. Gündogarda dalçyn diňe bir saglygy berkidýän ösümlik hasaplanman, eýsem onuň tagamy uzak wagtlap duýlup, şähdiňi açýar.

 

Şeýlelikde, "Dalçyn” okuw merkeziniň uçurymlary olaryň zähmet bazarynda artykmaçlyk berýän daşary ýurt dilini bilýändigi barada öz terjimehalyna ýönekeý bir goşundy goşman, eýsem düýpli dil bilimlerine we endiklerine hem eýe bolýarlar.

 

Kärhana golaýda “Türkmengaz” döwlet konserninden Türkmenistanda nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan inženerler üçin ýörite dil okuw maksatnamalarynyň döredilmegi babatdaky haýyşnamasyny aldy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, “Dalçyn” hususy kärhanasy nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri üçin daşary ýurt dil okuwlaryny döretmegi meýilleşdirýär. Olaryň okuw tapgyrlarynyň bäşisi Türkmenistanda, altynjy amaly okuw tapgyry bolsa Beýik Britaniýada geçiriler.

 

Kärhananyň Türkmenistanda Kembrij uniwersitetiniň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmek babatda gepleşikleri alyp barmagy bolsa, “Dalçyn” okuw we terjime merkezine bu uniwersitetiň okuw kitaplaryny biziň ýurdumyzyň çäklerinde satmaga we ýaýratmaga mümkinçilik berer. Hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin maksatnamalarynyň biri okuw materiallarynyň Türkmenistanyň medeni-durmuş aýratynlyklaryna görä uýgunlaşdyrmaly bolýar. Uýgunlaşdyrylan okuw kitaplary ýurdumyzyň medeni, taryhy we dil aýratynlyklaryna laýyk gönükdirilip, öň dil öwrenmedikler üçin iňlis dilini has ýeňil özleşdirmäge mümkinçilik berer.

 

“Dalçyn” hususy kärhanasy geljekde işewürlik, hukuk, kompýuter sowatlylygy we buhgalterçilik hasabaty ugurlary boýunça iňlis dilinde ýöriteleşdirilen mekdebi açmaklygy meýilleşdirýär. Şeýlelik bilen bu okuw we terjime merkezi Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalar bilen işleşmäge gönükdirilen hünärmenleri okadýan okuw merkezini döretmegi umyt edýär. Bu bolsa ýaş dalaşgärlere Türkmenistanyň çäginden çykmazdan, hususy daşary ýurtly kompaniýalar tarapyndan bildirilýän ülňülerde bilim almaga mümkinçilik döreder.

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved