Dalçyn topary
Türkmen
Русский

«Dalçyn» topary – bu ýurdumyzyň iň gowy dilçi mugallymlaryndan durýar. Ähli mugallymlar ýokary okuw mekdebini ýokary bahalar bilen tamamlan we Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Gemaniýada, Fransiýada we Russiýada goşmaça bilim alyp, birnäçe halkara okuw we tälim sapaklaryna gatnaşyp, hünär derejelerini kämilleşdirdiler. Däp bolup gelýän we häzirki zaman sapak bermek usullaryny üstünlikli sazlaşdyrmak, bilim bermeklige döredijilikli çemeleşmek biziň toparymyzyň aýratyn tarapydyr. Ýene bir bellemeli zat, biziň mugallymlarymyz islendik bilim derejesi bolan we dürli ýaşly okuwçylaryň ugruny tapmagy barşarýarlar.

Muhyýewa Güljahan Öwezowna

Iňlis dili mugallymy, ýokary okuw mekdebinde iş tejribesi bar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlady we goşmaça - Keramatly Migel kolleji (Saint Michel's college), KIMER (Gazagystan), şeýle hem nebit-gaz ulgamyna degişli ýörite sapaklara (Beýik Britaniýa) gatnaşdy.

 

Sadyhýan Olga Aramowa

Rus dili we edebiýaty mugallymy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ýokary bahalar bilen tamamlady. Daşary ýurt raýatlaryna rus dilini okatmak işinde uly tejribesi bar. Öz işine döredijilikli çemeleşýär, işinden daşary goşgy ýazýar we surat çekýär. Islendik ýaşdaky okuwçylar bilen umumy dil tapmagy başarýan hünärmen bolup durýar.

Makarýan Sulfuga

Teacher of the Russian language and literature. She is a graduate of Turkmen State university named after Magtymguly. She masterfully teaches juniors the Russian language.

Babuşkina Anastasiýa

Nemes we iňlis dili mugallymy. I. I. Meçnikow adyndaky Odessa milli uniwersitetini nemes we iňlis dilleriniň filology hünäri boýunça tamamlady. Ýöriteleşdirilen mekdepde nemes dili hünäri boýunça okuw tejribesini geçdi (Ukraina). “Work and Travel in Germany” maksatnamasyna (Bawariýa, Nýurnberg – Germaniýa) gatnaşdy.

 

Ýaryýewa Jemal

Iňlis dili mugallymy. Sankt Peterburg döwlet uniwersitetini tamamlady. Birnäçe alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşdy (ABŞ, Germaiýa). Jemal IELTS halkara synagyna taýýarlyk boýunça okuwlary alyp barýar. Iňlis dili mugallymlaryna niýetlenen hünär derejesini ösdürmek boýunça CELTA maksatnamasyna gatnaşdy, IELTS halkara synagyny 8.0 bal bilen tabşyrmagy başardy.

Melebaýew Kuwwat

Iňlis dili mugallymy we terjimeçi. Halkara Türkmen-Türk uniwersitetini iňlis diliniň filology hünäri boýunça tamamlady. Uly ýaşly diňleýjiler üçin okuw sapaklaryny alyp barýar, şeýle hem iňlis – türkmen dilleri boýunça sinhron terjimeçilik bilen meşgullanýar.

 

 

Jumakuliýewa Aýna

Iňlis dili mugallymy. Halkara Türkmen-Türk uniwersitetini tamamlady. Kiçi ýaşly diňleýjiler üçin okuw sapaklaryny alyp barýar. Okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmak bilen, hünär derejesini ýokarlandyrmaklygyň onlaýn okuwlarynyň çäginde, daşary ýurt dillerini öwretmeklik boýunça okuw işlerini alyp barýar.

Iwançukowa Ýelena

Iňlis dili mugallymy. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň uçurymy. Dürli ýaşdaky diňleýjilere iňlis dilini öwretmeklikde 12 (on iki) ýyldan gowrak tejribesi bar.

 

Annamuhammedowa Azatgül

Iňlis dili mugallymy. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetini iňlis dile we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady. Okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmak bilen, kiçi ýaşly diňleýjiler üçin okuw sapaklaryny alyp barýar: okuwçylaryň hyjuwyny artdyrmak arkaly sorag-jogap oýunlary.

Seýidow Osman

Iňlis dili mugallymy. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. ABŞ-niň Purdue uniwersitetinde Contemporary Issues Fellowship maksatnamasyny tamamlady. Şeýle hem terjimeçilik bilen meşgullanýar: iňlis, türkmen we rus dilleri boýunça dilden we ýazmaça terjimeler.

Mätjikowa Aýnur

Iňlis dili mugallymy. Halkara Türkmen-Türk uniwersitetini lingwist hünäri boýunça tamamlady. Okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmak bilen, diňleýjiler üçin okuw sapaklaryny gyzykly alyp barýar. Goşmaça sapaklara işjeň gatnaşýar.

 

Seýidowa Gunça

Nemes dili mugallymy. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetini nemes dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady. Germaniýanyň Gýote institutynda okuw maksatnamasyny tamamlady. Okuwçylara nemes dilini öwretmekde baý tejribesi bar.

Akgaýewa Merjen

Iňlis dili mugallymy. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň uçurymy. Şeýle hem FLEX maksatnamasynyň uçurymy. Bilim bermek we terjime etmek boýunça baý tejribesi bar.

Toýlyýewa Uzukjemal

Matematika mugallymy. Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlady. Häzirki wagtda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetinde okaýar. Mugallymçylyk tejribesi bar. Okuw merkeziniň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýar.

Esenamanowa Mähri Gaplaňowna

Fransuz dili mugallymy. D.Azady adyndaky dünýä diller institutyny fransuz diliniň filology we terjimeçisi hünäri boýunça tamamlady. Bilim bermek boýunça baý tejribesi bar.

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved