KITAP DÜKANY
Türkmen
Русский

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

“Bilim syýasatymyzyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr.”

 

Siz iňlis dilini öwrenmek üçin goldaw berjek CambridgeUniversityPress okuw harytlaryny biziň dukanymyzdan satyn alyp bilersiňiz. Biz CambridgeUniversityPress bilen ýakyn gatnaşykda bolup, harytlary araçysyz satyn alýarys. Biziň ulanýan ähli okuw maglumatlarymyz kanun taýdan hasaba alnandyr (lisenziýaly), mundan başga-da biz olary (sapakda ulanmak ýa-da özbaşdak taýýarlanmak üçin kitaplary we DVD) ähli müşderilere mugt berýäris.

http://tdh.gov.tm/news/articles.aspx&article10557&cat15

tdh / 17.12.2017 / Jemgyýet

 

Türkmen telekeçileri dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleri bilen gatnaşyklary ösdürýärler

 

Türkmenistanda häzirkizaman bilim ulgamynyň ähli tapgyrlarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň öňdebaryjy usulyýetleri ornaşdyrylýar, olary okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dil bilimlerini özleşdirmegiň ýaş hünärmenleriň möhüm artykmaçlyklary bolup durýandygy, onuň adamy baýlaşdyrýandygyny, olaryň öňünde uly mümkinçilikleri açýandygyny belleýär.

 

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge hususy kompaniýalar hem öz goşantlaryny goşýarlar. Dil bilimleri babatynda hyzmatlaryny hödürleýän “Dalçyn” hususy kärhanasy dilleri öwrenmek, terjimeçiligiň nazarýeti we amaly usullaryny bermegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan açyk gapylar we giň hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde Türkmenistan halkara maslahatlarynyň, işewür-forumlarynyň, syýasy geňeşmeleriň we döredijilik çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda ýerli hünärmenleri çekmek bilen işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany artýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dillerini bilýän dürli ulgamlarda işleýän ýokary hünärli işgärlere bolan isleg ýylsaýyn artýar.

Daşary ýurt dilleriniň öwrenilmeginiň häzirkizaman usulyýetlerini ornaşdyrmak maksady bilen “Dalçyn” HK Kembrij uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi. Munuň özi türkmen kärhanasyna Beýik Britaniýanyň esasy okuw mekdepleriniň biri bilen ýurdumyzda okuw sapaklarynyň ilkinji resmi wekili bolmaga mümkinçilik berdi.

 

Kembrij uniwersitetiniň Türkmenistanda ilkinji ygtyýarlandyrylan edebiýatynyň dükanynyň açylmagy oňyn hyzmatdaşlygyň netijesi boldy. Bu ýerde alyjylara diňe bir okuw we usulyýet esbaplary däl-de, iňlis dilinde çeper edebiýat, syýahatçylyk pudagynda, awiasiýada, nebitgaz ulgamynda we beýleki pudaklarda ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça okuw gollanmalary hödürlenilýär.

 

Dükanyň açylyş dabarasyna Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, “Dalçyn” bilim merkeziniň mugallymlary we dil merkeziniň köpsanly diňleýjileri gatnaşdylar.

 

Dükanda her bir okuw kitaby audio disk bilen bilelikde satylýar, ol ussat diktoryň nusgawy dilde we takyk gürleýän tekstini diňlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem edebiýatlar diliň nazaryýet ugurlaryny aňsat özleşdirmäge ýardam edýän hem-de tejribede alnan bilimleri ulanmagyň dürli usullaryny görkezýän gysga wideofilmler bilen üpjün edilendir.

 

Dükandan başga-da iňlis medeniýetine mahsus bolan dürli nyşanlar bilen bezelen “Altyn alaf” kafesi açyldy. Dil okuwlarynyň diňleýjileri dumanly Albionyň gurşawyna aralaşyp, yzygiderli okuwdan soň dynç alyp, ussat aşpezleriň taýýarlan iňlis tagamlaryndan we süýjüliklerinden dadyp bilerler, şeýle hem dürli içgileriň onlarçasyndan lezzet alyp bilerler.

 

Bu ýerde Serişdeler merkezi hem bolup, bilim alýanlar gyzykly edebiýatlar bilen tanşyp, gazetleri, žurnallary we beýleki makalalary okap, alan maglumatlaryny ara alyp maslahatlaşyp, filmlere tomaşa edip özlerinde galan täsirleri paýlaşyp bilerler. Bularyň ählisi öwrenilýän diliň dünýäsine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär.

 

Halkara bilim düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň daşary ýurtly hünärmenlerini we dilçileri çagyrmak arkaly hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini bellemek gerek, olar Merkeziň diňleýjileri we işgärleri üçin sapaklary geçýärler. “Dalçin” Kembriž uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iňlis diliniň çuňňur öwrenilmegini okatmagy meýilleşdirýär.

 

Bu ýerde geçirilýän dil öwrenmek boýunça dersleriň aýratynlyklary bilim alýanlaryň arasynda daşary ýurt dilinde gatnaşyklary ýola goýmak arkaly alynan bilimleri tiz özleşdirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Toparlardaky diňleýjileriň sany 15 adamdan geçmeýär, bu bolsa mugallymlara olaryň her birine ýeterlik üns bermäge mümkinçilik döredýär.

 

Merkeziň mugallymlarynyň öz öňünde goýýan esasy wezipesi – her bir diňleýjä aýratyn çemeleşmek bilen gysga wagtyň içinde dilleri netijeli öwretmek bolup durýar. Meselem, okuwa täze başlanlar üçin iňlis dilini öwrenmek boýunça maksatnama alty tapgyra bölünýär hem-de 18 aýdan köp wagty almaýar. Merkeziň has taýýarlykly diňleýjileri okuwlary gysgaldylan maksatnama boýunça tamamlap bilerler. Okuwyň tapgyryny geçenler degişli derejede tagalla edenlerinde bilimleriň we tejribäniň goruna eýe bolarlar. Munuň özi işe hem-de daşary ýurt okuw mekdeplerine girmek üçin zerur bolan IEL TS halkara ölçeglerine laýyklykda synaglary tabşyrmaga mümkinçilik berer.

 

Dürli ýaşdaky toparlaryň daşary ýurt dilini kabul etmek aýratynlyklaryny nazara almak bilen, okuwlar üç tapgyra bölünýär: 7-12, 13-19 ýaşdaky hem-de 20 ýaşdan ýokary diňleýjiler üçin niýetlenendir. Çagalar üçin okuwlar bäsleşikleri hem-de okuwy has ýeňil özleşdirmek üçin işlenip taýýarlanylan özboluşly bilim berýän tehnikalary peýdalanmak bilen oýun görnüşinde geçirilýär.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň esasy wezipämiz – öz halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini kemala getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar, çünki halkara ylmy maslahatlaryna, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarynda ýurdumyza wekilçilik ederler.

 

“Aşgabat—2017” oýunlaryna üstünlikli hyzmat edilmegi “Dalçyn” HK-nyň işgärleriniň ussatlygynyň görkezijileriniň biri boldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi maslahatçysy - “Trivandi Сhanzo Limited” britan kompaniýasy bilen bilelikde ýokary derejeli terjimeçilerden ybarat bolan topar döredildi, ol giň gerimli ýaryşlary guramak bilen meşgullandy.

 

Kärhananyň hünärmenleri Oýunlaryň meýletinçilerini taýýarlamak meselelerinde hem ýardam etdi. Kärhananyň işgärleriniň öz işine ussatlarça we jogapkärçilikli çemeleşmegi meýletinçileriň ýüzlerçesine daşary ýurt dillerini ýokary derejede özleşdirmäge hem-de myhmanlara türkmen halkynyň türkmen halkynyň özboluşly däpleri barada gürrüň bermäge kömek etdiler.

 

“Dalçyn” HK-nyň 60-a golaý hünärmeni daşary ýurtly türgenlere, tomaşaçylara terjimeçilik hyzmatlaryny hödürlediler, olaryň sanawyna göni we yzygiderli terjimeler, resminamalary terjime etmek, maglumat-maslahat hyzmatlary girdi. Kärhana üstüne ýüklenen wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi hem-de “Aşgabat—2017” Oýunlarynyň medeniýetleriň açyk gatnaşyklarynyň ýerine öwrülmegi üçin ähli şertleri döretdi, bu ýerde gepleşikler üçin dürli dilleriň böwet bolmagy aradan aýryldy.

 

Kärhananyň hünärmenleri özleriniň toplan oňyn tejribesini beýleki şunuň ýaly sport bäsleşiklerine, hususan-da Türkmenistanda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylaryna hödürlemäge taýýarlyklaryny beýan etdiler.

 

Şu günler merkez türkmen, iňlis, rus, nemes we fransuz dilleri boýunça gyşky möwsümde okuw tapgyrlaryny geçmek üçin täze diňleýjileri kabul etmäge başlady.

A.Nyýazow ş. (öňki Çehow köç.), 145-nji j. Tylla Toprak

Tel.: .: (+993 12) 41 40 07/08; E-mail: admin@dalchyn.com

Website by: ZARA web solutions © All rights reserved