“Dalçyn” hususy kärhanasytarapyndan taýýarlanan bu maksatnamalar we meýilnamalar geljegimizi gurmak ellerinde bolan ýaşlarymyzyň bilimlerini ösdürmek we kämilleşdirmek, Türkmenistanda maksadyna okgunly, geljegine ynamly, ruhubelent bilimli nesil ýetişdirmek maksady bilen taýýarlandy.
“Matematika” boýunça okuw meýilnamasy diňleýjileriň ýaş aýratynlyklaryna görä iki aýratyn maksatnama boýunça taýýarlandy we her ýaş aýratynlygy üçin taýýarlanylan okuw maksatnamasy tapgyrlara bölündi. Biri kiçi ýaşly, ýagny 7-14 ýaşly diňleýjiler üçin niýetlenildi. Beýleki 14 ýaşdan uly ýaşdaky diňleýjiler üçin niýetlenilip düzüldi.
14 ýaşdan uly ýaşly diňleýjiler üçin niýetlenilen okuwlarymyz indiki tapgyrlara bölünýär (derejelerde görüp bilersiňiz).